Iňlis

IŇLIS DILI
     “Iňlis dili – Beginner” derejesini tamamlan diňleýjiler diliň düýp esasy bolan salamlaşmagy, tanyşmagy, özi hakyndaky şahsy maglumatlary aýtmagy başarmagy, ýönekeý sözlemleri düzüp we soraglary sorap bilmegi, ýöňkemeleri, eýe bilen habaryň gurluşyny, wagt ölçeglerini, ýonekeý sözlemleriň gurluşyny öwrenip bilerler.  Ýönekeý sözlemler arkaly daşary ýurtly raýatlar bilen söhbetdeşlik gurnap bilmegi öwrenerler, Başlangyç derejede ýazyp we okap düşündiriş bererler, gündelik durmuşymyza gerek bolan gepleşikleri öwrenerlerler, özi we ýoldaşlary hakynda tanyşlygy gurnap bilerler. Bu dereje ýokary derejeli başlangyçlar, şeýle hem iňlis dilini az-kem bilýän, emma ony ulanmaga özlerinde ýeterlik ynamy bolmadyklar üçin başlangyç kursy bolup durýar.

     “Iňlis dili – Elementary” derejesini tamamlan diňleýjiler ýönekeý tekstleri ýazyp, başlangyç derejede geçilenleri aňsatlyk bilen özleşdirerler, öwrenen zamanlaryň üsti bilen aňladyp bilerler, söwda nokatlarynda kynçylyksyz söwdalaşmagy, hartytlaryň hili we bahasy barada öz pikirlerini sada dilde aýtmagy başarmagy, öten, häzirki, geljek zamanlarda sözlemler düzmegi we düşündirip bilmegi başararlar.
Bu dereje iňlis dilinde başlangyç bilimi bolanlar we bolmadyklar üçin bolup durýar. Bu iňlis diliniň gurluşynda esasyny üpjün edip, iňlis diliniň wezipelerini, sözlügini şeýle hem başlangyç grammatiki düşünjeleri öwrenijilere kem-kemden özleşdirmäge ýardam edýär.

     “Iňlis dili – Pre Intermediate”  derejesini tamamlan diňleýjiler gündelik gabat gelýän soraglar arkaly daşary ýurtly raýatlar bilen aňsat düşünişip bilerler, täze öwrenen söz gurluşlarynyň, sözlemleriň düzüliş usullaryny okap öwrenip özleşdirip bilerler. Bu dereje diliň grammatik gurluşyny üpjün edýär. Grammatiki gurluşlar kontekstde tanyşdyrylýar, öwrenijileri höweslendirýän soraglar olaryň düzgünleri özleriniň özbaşdak işlemekligine ýardam edýär. Bilelikdäki  ukyplar işi kursuň esasy häsiýetli tarapydyr.

     “Iňlis dili – Intermediate”  derejesini tamamlan diňleýjiler  iňlis diliniň grammatikasyny, şeýle-de söz gurluşyny has içgin öwrenip özleşdirip bilerler. Daşary ýurt raýatlary bilen islendik temada gürleşmegi başararlar. Sözlemleriň çylşyrymlylygyna garamazdan okap, düşünip, ýazyp, terjime edip, düşündiriş bererler. Bellenen temalarda düşünjelerini has giňişleýin aýdyp bilerler, gündelik durmuşymyzyň birnäçe bölümlerinde aňsatlyk bilen düşünişip bilerler. 

     “Iňlis dili – Upper Intermediate”  derejesini tamamlan diňleýjiler  iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar. Bu derejede dil öwrenijilere dili öwrenmeklige dürli synanyşyklary talap edýär. Diňleýjileriň daşary ýurtlular bilen arkaýyn düşünişmegine, çuňlaşdyrylan grammatiki meýdanda barlaglardan geçirilmeginden hem-de özbaşdaklykda dil terminleriniň ýerlikli peýdalanmagy başaryp bilmegini üpjün edýär. Ähli pudakda gabat gelýän terminleri ulanyp, olara düşündiriş berip bilerler.

     “Iňlis dili – Advanced” derejesini tamamlan diňleýjiler  iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz  ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar.  Arkaýyn akademiki tarapdan edebi dilde gürläp bilerler. Çylşyrymly sözlemleri düzüp, göçme manydaky söz düzümlerini ulanmagy başararlar.
Islendik temadaky kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýada düşündirip bilerler. Iňlis dilinde alnyp barylýan daşary ýurt synaglaryna taýýarlykly bolup bilerler. Bu dereje iňlis dilini bilýän ýokary derejeli diňleýjiler üçin höwes hem-de hakyky başarnyk berýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Parahat 3/2, Ýunus Emre köçesi. 
imo: +993 62 533883  
instagram: dillerdunyasi@mail.ru

Telefon belgiler:
+993 12 45 07 96