Matimatika

MATEMATIKA
“Çagalar üçin matematika-1”  tapgyry  tamamlan diňleýjiler sifrleri goşmak we aýyrmagy, köpeltmek tablissasyny, bir belgili, iki belgili, üç belgili sanlary özara köpeltmegi we bölmegi bilerler, agyrlyk ölçeglerini, uzynlyk ölçeglerini, wagt ölçeglerini  sanlary ýatdan goşmagy, ýatdan aýyrmagy we özara çylşyrymly mysallary we meseleleri aňsatlyk bilen öwrenerler.

“Çagalar üçin matematika-2”  tapgyry tamamlan diňleýjiler sanlary, san aňlatmalaryny, üçburçlyklary, ýönekeý droblary goşmagy, aýyrmagy we köpeltmek, bölmegi, ýönekeýleşdirmegi, dörtburçlyklary, Položitel we otrisatel sanlary, modul, bölünijilik  nyşanlaryny, deňlemeleri aňsatlyk bilen öwrenerler.

“Matematika-1” tapgyryny tamamlan diňleýjiler matematika ylmynyň başlangyç bilimine eýe bolup bilerler. Çylşyrymly aňlatmalar üstünde işläp bilerler,  deňlemeleri aňsatlyk bilen çözerler, deňsizliklere has içgin düşünerler, deňlemeleriň we droblaryň gurluşlaryny  bilerler. 

“Algebra we geometriýa-1” tapgyryny tamamlan diňleýjiler matematika ylmynyň esasyna düşünip başlarlar. Geometriýa ylmynyň başlangyç bilimine eýe bolup biler. Kwadrat deňlemeleri, modully deňlemeleri, köpagzalary we san bilen baglanşykly meseleleri çözmegi öwrenerler. 

“Algebra we geometriýa-2” tapgyryny tamamlan diňleýjiler matematika ylmynyň çuňňurlygyna aralaşyp başlarlar. Diňleýjiler trigonometrik aňlatmalar we olary özgertmek barada giňişleýin öwrenerler, trigonometrik deňlemeler we deňsizliklere düşünerler, rasional görkezijili derejeleri içgin öwrenerler, logarifmik funksiýalary özleşdirerler, logarifmany, progressiýalary geometriki şekiller we olar bilen baglanyşykly meseleleri işläp bilerler. 

“Algebra we geometriýa-3” tapgyryny tamamlan diňleýjiler önümi hasaplamagyň düzgünlerini,  derejeli funksiýanyň önümini, çylşyrymly funksiýanyň önümini hasaplamagy öwrenerler. Diňleýjiler asyl funksiýa we onuň häsiýetleri, asyl funksiýany tapmagyň düzgünleri, käbir funksiýalaryň asyl funksiýalarynyň formulalary barada içgin öwrenerler, bulardan başga-da deňlemeler we deňsizlikler barada giňişleýin maglumat alarlar. 

Paýlaş

Diller

MATEMATIKA“Çagalar üçin matematika-1”  tapgyry  tamamlan diňleýjiler sifrleri [...]

I.T

MATEMATIKA“Çagalar üçin matematika-1”  tapgyry  tamamlan diňleýjiler sifrleri [...]

Matimatika

MATEMATIKA“Çagalar üçin matematika-1”  tapgyry  tamamlan diňleýjiler sifrleri [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Parahat 3/2, Ýunus Emre köçesi. 
imo: +993 62 533883  
instagram: dillerdunyasi@mail.ru

Telefon belgiler:
+993 12 45 07 96