“Smart Lab” gysga wagtda uly gyzyklanma döretdi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkeziniň matematika gurnagy gysga wagtda uly we kiçi herkimiň ünsüni özüne jemlemegi başardy.

Matematika dersini okuwçylara söýdürmek maksady bilen açylan “Smart Lab” gurnagy bu dersiň diňe gyzykly taraplaryny öwrenmek bilen galman, paýtagtdaky ýokary okuw jaýlarynyň “Açyk gapylary” günlerine-de gatnaşyp, bu okuw jaýlary barada maglumat edindiler.

Gurnagyň soňky duşuşygyna bolsa örän arzyly myhman gatnaşdy. Halkara himiýa olimpiýadalarynyň laurety, Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň uçurumy Gadam Myratgeldiýew ýaş ylymsöýerler bilen duşuşdy. Duşuşykda ýaşlar ylmyň, bilmiň soňky gazananlary we dünýä tejribesi barada pikir alyşdylar.

Şeýle-de bu merkezde “Science Club” gurnagy, žurnalistika gurnagy hereket edýär. Dürli medeni we köpçülikleýin çäreler gurnalýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Parahat 3/2, Ýunus Emre köçesi. 
imo: +993 62 533883  
instagram: dillerdunyasi@mail.ru

Telefon belgiler:
+993 12 45 07 96