Hünär tanyşdyryş: ykdysadyýet, maliýe, bank ulgamy


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezi ýaşlaryň geljekki hünärlerini saýlap seçip almaklaryna ýardam bermek, karýera planlaryna ugur görkezmek maksady bilen hünär tanyşdyryş açyk sapaklary yzgiderli geçirýär.
Bu gezekki tema “Ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamy” barada boldy. Gyzyklanma bildirýän okuwçylara, talyplara we ähli raýatlara bu ugurlar boýunça umumy düşünjeler berildi.
Açyk sapak Türkmenistanyň Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 4-nji ýyl talyby Aganyýaz Döwletgeldiýew çykyş etdi.
Ykdysadyýetiň işleýiş shemasy, özara işleşýän instansiýalary (statistika, buhgalteriýa, salgyt, bank ulgamy, býujet, sosial) barada umumy düşünjeler bilen bir hatarda salgytyň görnüşleri, bank we bank hyzmatlarynyň görnüşleri, buhgalteriýa hasabatynyň köne we täze ulgamy mysallary bilen görkezildi.
Çykyşyň soňunda sapaga gatnaşyjylar bilen hyýaly kärhana döredildi. We bu kärhananyň maýa goýumyndan, maliýe hasabatyna çenli ähli işleri görkezildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Parahat 3/2, Ýunus Emre köçesi.
Ashgabat city, Parahat 3/2, Yunus Emre Street.
Город Ашхабад, ул. Юнуса Эмре, Парахат 3/2.

Telefon belgiler:
+993 (12) 45-07-96