Sagdyn durmuş bagtyýarlygyň kepilidir

      
Sagdyn ruhly sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin ýurt Baştutanymyz ähli şertleri döredýär. Bu ugurda mekdebimizde zyýanly endiklere garşy göreşmek barada duşuşyklar we wagyz-nesihat çäreleri hem yzygiderli her aýda geçirilýär. Geçirilen maslahatda hem bellenilişi ýaly, eziz Diýarymyzda sagdyn ýaşaýşy üpjün etmek ugrunda yzygiderli alnyp barylýan işler özüniň miwesini berýär. Bu gün Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen çilimkeşlik, neşekeşlik ýaly beýleki zyýanly endikleriň iň az ýaýran döwletleriň hatarynda tanalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda temmäki ýaly ynsan saglygyna zyýanly täsir edýän närselere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Ýurdumyzda şypahanalar, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan köp sanly saglyk merkezleri, sport toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde ýaramaz endiklere garşy durmagyň has oňaýly ýoly hökmünde sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri saýlanyp alyndy. Bedenterbiýä we sporta uly üns berilmegi ýaşlarymyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz başarnyklaryny artdyrmaga we zyýanly endiklerden daşda durmaga mümkinçilik berýär. Mekdebimiziň talyplary sport bäsleşiklerinde üstünlikli  çykyş edip, köp sanly baýrakly orunlara  mynasyp bolýandyklary hem ýaş nesillere  dogry ýoly saýlap almakda uly  görelde  bolýar—diýip, belläp geçildi. 

Maslahatyň dowamynda zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmekden başga-da, onuň maşgala abadançylygyna hem ýaramaz täsir edýändigi hakynda aýdyldy. Mundan başga-da, dogry iýmitlenmek barada hem gürrüň edilip, bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda pikir alşyldy.

Maslahatda  hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda diňe bir beden saglygyna  däl, eýsem, ruhy sagdynlyga-da uly orun berilýändigi bara­da aýdylyp geçildi. 

Hormatly Arkadagymyzyň ýaşlar barada edýän aladasy üçin minnetdarlyk bildirýäris!  

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Parahat 3/2, Ýunus Emre köçesi.
Ashgabat city, Parahat 3/2, Yunus Emre Street.
Город Ашхабад, ул. Юнуса Эмре, Парахат 3/2.

Telefon belgiler:
+993 (12) 45-07-96