Türkmenistanyň bilim ministrligi «Diller dünýäsi» dil merkezi |
Esaslandyryjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi Döredilen senesi: 2017-nji ýylyň 6-njy ýanwary Esas: Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2017-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky 2-nji belgili buýrugy Salgysy: Aşgabat şäheri, Parahat 3/2, Ýunus Emre köçesi. Telefonlary: +993 12 45 07 96, +993 62 53 38 83 hat@dillerdunyasi.edu.tm |
«Diller dünýäsi» dil merkezi ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlaryna daşary ýurt dillerini we kompýuter sowatlylygyny öwretmek boýunça hyzmat edýär. |
Biziň merkezimizde iňlis, rus, nemes, fransuz, arap, pars, hytaý, italýan, ýapon dillerini öwretmeklik göz öňüne tutulandyr. Häzirki wagtda merkezimizde iňlis, rus, nemes, arap, hytaý, ýapon dili we matematika, komýuter sowatlylygy toparlary işjeň hereket edýär. Dil merkezi özüniň ýaşlygyna garamazdan tejribeli mugallymlaryň gatnaşmagynda ýokary derejede sapaklary alyp barmak bilen özüni gowy tarapdan tanatdy. Daşary ýurt dillerini öwretmekde döwrebap okuw kitaplaryndan, multimedia we kompýuter enjamlaryndan peýdalanylyp interaktiw usulda sapak geçilýär. |
Dil merkezinde dil öwretmek işinde ýurdumyzyň we dünýäniň abraýly bilim we ylym merkezleri tarapyndan taýýarlanan dürli okuw gollanmalaryndan peýdalanylýar. Şeýle hem diňleýjileriň ýaş aýratynlyklary göz öňüne tutulyp, toparlar belli bir ýaş aralygy boýunça döredilýär. |
«Diller dünýäsi» dil merkeziniň Mekdebe taýýarlyk bölüminde türkmen we rus dillerine ýöriteleşdirilen toparlar göz öňüne tutulandyr. Häzirki wagtda türkmen we rus dillerine ýöriteleşdirilen toparlar hereket edýär. Häzirki zaman tehnologiýalary we usulyýeti arkaly alnyp barylýan okuwlar çagalaryň kämil derejede ösüp bilim almagyna, gözýetimlerini giňeltmegine ýardam edýär. |
Çagalaryň ýörite el matorikasyny ösdürmek üçin plasinografiýa we applikasiýa usullary bilen sapaklar geçirilýär. Çagalaryň sapakda öwrenen zatlary dürli oýunlar we aýdymlar arkaly özleşdirilýär. Mundan başga-da çagalaryň sapakda öwrenen sözlerini ýatda galdyrmak maksady bilen öwrediji animasion filmler hem görkezilýär. Çagalary mekdebe taýýarlamak üçin matematika, sowat we ýazuw dersleri aýratyn orun tutýar. Bu bolsa “Diller dünýäsi” dil merkezinde mekdebe taýýarlanylýan çagalaryň bilim we terbiýe taýdan üstünlikli taýýarlanýandygyna güwä geçýär |
|